Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

YLYM-BILIM ULGAMYNDAKY ÄGIRT ULY ÖZGERTMELERIŇ AÝDYŇ NETIJELERI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda welaýatyň Şabat etrabynyň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebinde Ylymlar güni mynasybetli «Ylym-bilim ulgamyndaky ägirt uly özgertmeleriň aýdyň netijeleri» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ylym-bilim-dünýä akyl ýetirmegiň açary. Adamzat bilimleri özleşdirip, ylym öwrenip, öz-özüni açýar, şeýdip kämil şahsyýetler kemala gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürilýän ylym-bilim ulgamynyň geljegi has-da aýdyňlaşýar. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly, belli bir käriň eýesi bolmagy ugrundaky aladalarymyz öz netijesini hem berýär diýip giňişleýin belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda şeýle ajaýyp zamanada ýollarymyza nur saçýan,ýagty geljegi, ajaýyp durmuşy berkarar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP