Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTAN — YLYMLAR ÝURDY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýän, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini täze belentliklere çykarýan Hormatly Prezidentimiziň syýasy ylymlarynyň doktory hem-de ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adyna mynasyp bolmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Bu waka diňe bir ylmy jemgyýetçilik üçin däl, eýsem tutuş türkmen halky üçin taryhy ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasy häzirki zaman ylmy çemeleşmelere, innowasion ösüş ýörelgelerine we milli bähbitlere esaslanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de döwlet dolandyryşynyň netijeligini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler onuň çuňňur ylmy garaýyşlaryň aýdyň beýanydyr. Biz, türkmen halky, Hormatly Prezidentimizi bu ýokary alymlyk derejeleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan mundan beýläk hem ösüşleriniň we üstünlikleriniň täze belentliklerine beslensin. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikler arzuw edýäris.

TSTP