Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym – bilim ulgamy – döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda alymlaryň işlemegi, ylmy barlaglary geçirmegi üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ylymlar akademiýasynyň, ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylyp, iň soňky tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Dünýäniň ylmy we tehnologik taýdan çalt ösýän häzirki eýýamynda ýurdumyzyň iň uly baýlygy hem-de daýanjy – ylymly - bilimli ýaşlardyr. Häzirki zaman türkmen ýaşlary diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem ylymyň çuňňur ugurlaryna aralaşýar. Olar sanly ulgamyň, emeli intellektiň, robototehnikanyň we innowasion tehnologiýalaryň dilini tapyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ylmy ýaş nesil – döwletiň sarsmaz sütünidir. Taryhymyzyň, medeni mirasymyzyň çuňňur pelsepesini we gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýan, şol bir wagtda dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny inçe yzarlap özleşdirýän ýaşlarymyz bizi has-da belent sepgitlere tarap alyp barýar.
Maslahatyň ahyrynda ýaşlara ylym dünýäsiniň gapylaryny giňden açyp beren, ylmyň we bilimiň kuwwatyna daýanyp, nurana geljegimizi gurýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP