Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Aşgabat» dynç alyş seýilgähinde şeýle-de Aşgabat şäheriniň 121-nji çagalar bakja bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Ýurdumyzda nesil terbiýesi bilen baglanyşykly işleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bilen, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap kemala gelmegi üçin edilýän aladalaryň bu ugurdaky dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyna, döwrebap bilim we terbiýe almagyna gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň bagtly, asuda durmuşda ýaşamagy, wagtyny şadyýan we gyzykly geçirmegi, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň ata Watanymyzda uly dabara bilen bellenilip geçilmegi munuň aýdyň subutnamasynyň biridir.
Ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, ýaş nesiller barada çäksiz söýgi we alada edýän Milli Liderimize hem-de döwlet Baştutanymyza bagtyýar nesilleriniň adyndan iň belent sagbolsun alkyşlarymyzy aýdýarys!
TSTP