Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa babatdaky syýasaty esasylaryň biri bolup durýar. Tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamaklyk ýurdumyzda alynyp barylýan, yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tebigaty goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi, gözel tebigatymyzy we özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýan güneşli ülkämizi gorap saklamaga, Diýarymyzda arassa ekoulgamy kemala getirmäge alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna we döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşmaklyk üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzybir işgärleriniň hem-de agzalarynyň esasy maksady bolup durýar.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde biz görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
TSTP