Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.
Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda biziň merdana halkymyz hem Çagalary goramagyň Halkara gününi uly şatlyk, dabaranyň hem-de çäksiz buýsanjyň gurşawynda garşylaýar. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Şu günki günde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň milli gymmatlyklara we ösen tehnologiýalara daýanyp kemala gelmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat hem-de gözel Diýarymyzyň her bir künjünde çagalaryň kämil bilim we terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy, sungat äleminde öz zehinlerini açyp görkezmegi üçin dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesiller baradaky aladany döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugruna öwüren, körpelerimiziň bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň berk binýadyny tutan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP