Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat – kämil şäheriň nurana keşbi» atly aýdym-sazly dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň gurluşyk syýasatynyň netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň kämil, ekologik taýdan iň arassa we ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Ak şäherimiz Aşgabat barha gözelleşýär we kämilleşýär. Gözelligiň döwrebaplygyň nusgasy, Aziýanyň merjeni bolan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bu gün ýene-de bir gezek ýaşlygyň, joşgunyň we sungatyň merkezine öwrüldi. Hut şu guwandyryjy wakalara bagyşlanyp, talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen “Aşgabat – kämil şäheriň nurana keşbi” atly aýdym-sazly dabaraly baýramçylyk çäresi kalplary dolduran şatlygyň, buýsanjyň we joşgunyň aýdyň beýany boldy. Baýramçylyk çäresinde ýaňlanan ajaýyp aýdymlar, pederlerimizden miras galan mukaddes sazlar we talyplaryň ýerine ýetiren joşgunly tanslary paýtagtymyzyň nurana keşbini, onuň binalarynyň gözelligini we parahatsöýüjilik ýörelgelerini wasp edildi.
Mähriban halkymyzy bagtyýar geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, bütin dünýä nusgalyk tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP