Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni maslahat duşuşygy geçirildi.
18-nji maý Türkmenistanyň taryhynda we medeni durmuşynda iň ähmiýetli seneleriň biridir. Bu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hökmünde bellenilip geçilýär.
Türkmen halky özüniň baý taryhy ýolunda döwletliligiň we Garaşsyzlygyň nyşanlaryna elmydama uly sarpa goýup gelipdir. 18-nji maýda bellenilýän goşa baýram – Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni – berkarar döwletimiziň sarsmaz binýadynyň we belent mertebesiniň dabaralanmasydyr.
Watanyň şanyna şan, abraýyna abraý, mertebesine mertebe goşup, onuň adyny külli äleme ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris!
TSTP