Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýaş nesillerimizi milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekde, gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän edim-gylymlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, el we tikin işlerini dowam etdirmek maksady bilen mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän bu hünär bäsleşigi ählimiz üçin uly buýsançdyr. Biziň Konstitusiýamyz - bagtyýarlygymyzyň binýady, ýaşyl baýdagymyz bolsa – parahatçylygyň we rowaçlygyň nyşanydyr. Şu günki bäsleşikde öz hünär ussatlygyny görkezýän her bir gatnaşýan talyplar, aslynda öz zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan hünärmenlerdir. «Hünär - ynsanyň bezegi, zähmet bolsa - durmuşyň manyly ýolydyr». Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly bolan ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan bu bäsleşik, biziň talyp ýaşlarymyzyň hünär derejesindäki kämilleşmegiň täze bir belentligidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýlap beren ak ýoly bilen öňe barýan ýaşlarymyz üçin bu bäsleşik uly bir mekdepdir.
Halkymyzyň agzybirligi, Watanymyzyň parahatçylygy ugrunda gije-gündiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
TSTP