Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Ýaşlary telekeçilik işine çekmek maksady bilen çäre geçirildi.

2021-nji ýylyň 23-nji iýununda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmek maksady bilen çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda telekeçilikde bilimiň we tejribäniň uly orny bardygyny, maliýe sowatlygynyň zerurdygyny, ediljek işleriň hökmany ýagdaýda meýilnama bilen ýerine ýetirmelidigi nygtaldy. Ýaşlary telekeçilige çekmek barada barada gürrüň berildi. Bularyň arasynda ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýän maýa goýum meýilnamalarynyň maslahatlaryny belläp bolar. Bu duşuşyklarda ýaşlar öz taýýarlan “biznes planlary” bilen bilermenleriň we telekeçilerň öňünde çykyş edýärler, taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin birnäçe maslahatlar berildi. 

Çäräniň ahyrynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimize şeýle ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýtdylar.

TSTP