Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňişiň güni mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gezelenç gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günimiz taryhy senelere şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda giňden bellenip geçirilýän Ýeňiş güni mynasybetli şu gün Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň professor mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlary bilen ýurdumyzda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň Watan mukaddesligimiz öýüne gezelenç gurlandy. 9-njy maý – diňe bir ýeňiş däl, eýsem türkmen ýigitleriniň söweş meýdanynda görkezen şöhratly edermenliginiň, watana bolan çäksiz söýgüsiniň nyşanydyr. Olaryň watansöýüjilik mekdebi nesiller üçin ebedi nusgadyr. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gahrymanlarymyzyň hatyrasyna gül goýmak dabaralarynyň geçirilmegi, olaryň hiç wagt unudylmajakdygyny görkezýär. Ýeňiş güni, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk ýörelgeleriniň we gahrymançylykly geçmişine bolan çuňňur sarpasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP