Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz özüniň iň mukaddes baýramlarynyň biri –– Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ýokary derejede bellenilip geçilýär . Bu iki mukaddeslik biziň garaşsyzlygymyzyň, özygtyýarlylygymyzyň we sarsmaz agzybirligimiziň nyşanydyr. Diýarymyzyň berkararlygyny, bagtyýar durmuşyny, halkymyzyň abraý-mertebesini alamatlandyrýan buýsançlarymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilen güni bilen bilelikde bellenilmeginde hem aýratyn many bardyr. Diýarymyzda halkymyz eşretli durmuşda, asuda asmanyň astynda belent parlaýan Döwlet baýdagynyň saýasynda bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýar. Döwlet baýdagymyz şöhratly taryhymyz bilen nurly geljegimiziň arasynda gurlan altyn köprüdir. Bu sütünleriň binýadynda halkyň bitewiligi, ykdysady özgertmeler we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyz durýar.
Halkymyzy täze ösüşlere we nurly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun we alkyş aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP