Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz şäheriniň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Bedew batly ata Watanymyzyň her bir güni ýurdumyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän taryhy wakalara beslenýär. Agzybir halkymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna mynasyp üstünlikler bilen barmagy özleri üçin belent borç hasaplaýar. Şeýle maksatly işleriň uly rowaçlyklara beslenýän günlerinde milli Garaşsyzlygymyz we onuň halkymyza eçilen gymmaty hakynda söhbet etmek buýsandyryjydyr diýip giňişleýin belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hoşniýetli daşary we içeri syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, geljek üçin uly maksatlary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
TSTP