Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan milli, sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşýar»  atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanmagy döwletara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistan we Gazagystan bu ugurda halkara başlangyçlary öňe sürýän işjeň agzalardyr. Türkmenistan we Gazagystan diňe bir goňşy döwletler bolman, eýsem sebitdäki umumy ekologik meseleleri çözmekde iň ýakyn hyzmatdaşlardyr. Hazar deňzi we Aral meselesi ýaly strategik ugurlar bu iki ýurdy ekologiýa diplomatiýasynda birleşdirýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň ekologik hyzmatdaşlygy diňe bir tebigaty goramak däl eýsem geljekki nesiller üçin ykdysadyýeti we sagdyn durmuşy üpjün etmek maksadyny daşaýar. «Ekologiýa diplomatiýasy» bu iki goňşy döwlet Merkezi Aziýada ekologik durnuklylygyň kepili bolup çykyş edýär. 

Ekologiýa abadançylygyny has-da pugtalandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.     

TSTP