Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

EKOLOGIK ABADANÇYLYGY ÖSÜŞIŇ AÝRYLMAZ ŞERTIDIR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Bedew bady bilen röwşen geljegine ynamly barýan ata Watanymyzda — ekologik abadançylygy ösüşiň aýrylmaz şertidir» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Biziň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan hem-de röwşen geljege tarap ynamly ädim ädýän beýik Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni ösüşleriň hatarynda ekologik abadançylyk uly orun eýeleýär. Hakykatdan hem, ekologik abadançylyk - bu diňe bir daşky gurşawy goramak däl eýsem, bu biziň geljekki nesillerimiz, sagdyn jemgyýetimiz we abadan durmuşymyz üçin iň möhüm bölegidir. Şu günki günde Türkmenistan dünýäde ekologik medeniýetiň nusgalyk mekdebine öwrülýär. Ekologiýa biziň milli gymmatlygymyzdyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan «Ýaşyl» syýasat, millionlarça nahallaryň oturdylmagy, şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde döredilýän tokaý zolaklary, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek ýaly ägirt uly işler gönüden-göni ekologik abadançylygyň kepilidir. Arassa howa dürs akýan suwlar, ýaşyl baglar bularyň hemmesi biziň ruhy we fiziki saglygymyzyň çeşmesidir. Biz ata -Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan şu günki ösüşine guwanýarys.

Maslahatyň ahyrynda bagtyýar zamanany bize peşgeş beren, ekologiýa we sagdynlyga aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

TSTP