Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

AHALTEKE BEDEWLERI ATA-BABALARYMYZDAN BIZE GALAN BAHASYNA ÝETIP BOLMAJAK BEÝIK MIRASDYR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bedew bady bilen öňe barýan diýarymyzda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadamlary bedew badyna deňelýär. Ahalteke bedewleri ata-babalarymyzdan bize  miras galan iň gymmatly baýlyklaryň biridir. Bu täsin bedewler diňe bir atçylyk sungatynyň nusgasy bolman, eýsem halkymyzyň taryhynyň, medeniýetiniň hemde milli buýsanjynyň aýdyň beýanydyr. Olaryň nepis gurluşy, çydamlylygy we deňsiz-taýsyz tizligi dünýä ýüzünde giňden tanalyp, aýratyn hormata mynasyp bolýar. Ahalteke bedewi diňe bir ulag serişdesi hökmünde däl, eýsem ynamdar ýoldaş, wepaly dost hökmünde hem gadyrlydyr. Ata-babalarymyz bu bedewleri müňýyllyklaryň dowamynda ösdürip, olaryň arassa neslini gorap saklapdyrlar. Häzirki döwürde Ahalteke atlary dünýäniň iň owadan we gymmatly atlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Bu miras diňe geçmişiň ýadygärligi bolman, eýsem häzirki döwrüň hem buýsanjydyr. Ahalteke bedewleriniň halkara derejede geçirilýän ýaryşlarda we sergilerde gazanýan üstünlikleri olaryň şöhratyny has-da artdyrýar. Bu bolsa milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýmakda uly goşant goşýar.

Maslahatyň ahyrynda  halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak  bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

TSTP