Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

SAGDYN BEDEN-SAGDYN RUH

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, ilaty sporta köpçülikleýin höweslendirmek arkaly jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde «Sagdyn beden-sagdyn ruh»  atly sportuň şaşka, küşt görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu sport mekdebinde geçirilen ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Netijede ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

Ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar şu güni we röwşen geljegi barada bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP