Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GELJEGE UZAÝAN AK ÝOL

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň  tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky işler rowaçlyklara beslenýär» atly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda beýik özgertmelere badalga bermek bilen, ösüşleriň ynamly ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Bu ýoluň menzillerindäki guwandyryjy sepgitler, taryhy wakalar, şanly seneler döwlet berkararlygynyň, il bagtyýarlygynyň tassyklanmasy bolup, dünýäni haýrana goýýar. 

«Açyk gapylar» syýasaty netijesinde dünýä ýurtlary bilen parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklary barha giň gerime eýe bolýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi bilen ýurdumyzda täze, ýokary tizlikli ulag ýoly peýda boldy. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň uzynlygy 600 kilometre deň bolup, ol 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän bu ýol ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynyň çäklerinden geçýär we sebitleri birleşdirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirmek we logistiki mümkinçiliklerini täze derejä çykarýar. 

Hormatly Prezidentimiziň döwrebap ýoluň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde Bitarap döwletimiz ulag diplomatiýasyny yzygiderli ösdürip, bu ugurda halkara bileleşigi, goňşy we hyzmatdaş ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Ulag ulgamynda bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ulag boýunça on ýyllygynyň ilkinji ýylynda şeýle iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bedew batly ösüşlerimize şaýatlyk edýär.

 Türkmen halkynyň ykbalyny beýik özgertmeleriň ruhy we eşretleri bilen galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, badalga beren aýdyň ýollary asyrlara dowam bolsun!

TSTP