Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Türkmenistan –– abadançylygyň hem ösüşiň nusgalyk merkezi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ösüş taslamalary, döwrebap desgalaryň gurluşy we jemgyýetçilik ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň her bir künjegini ýaşaýyş jaý üçin amatly we geljege umytly etmegi üpjün edýär. Öňdebaryjy ykdysady we durmuş özgertmeler, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzy sebitde we dünýäde mysal bolýan döwlete öwrülýär. Abadançylyk diňe bir desgalarda däl, halkymyzyň durmuşynda hem aýdyň görünýär. Täze şäherler, baglar, köçeler we sosial desgalaryň gurluşygy ilatyň rahat ýaşaýyş şertlerini üpjün edýär. Şeýle-de, täze taslamalar we tehnologiýalar Türkmenistanyň ösüş ýolunyň durnuklydygyny görkezýär. Türkmenistan geljek nesiller üçin nusgalyk merkez bolup, döredijilik, ylym-bilim, medeniýete innowasiýa ulgamlarynda rowaçlyk görkezýär. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzy däl, eýsem halkymyzy hem dünýä derejesinde tanatmaga we bagtly geljege alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza asuda-parahat asmanyň astynda ýaşamak üçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP