Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

“Älem" medeni dynç alyş merkezine gezelenç gurnady.

20.06.2021 senesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti dynç alyş günlerini peýdaly geçirmek maksady bilen ýaşlar üçin “Älem" medeni dynç alyş merkezine gezelenç gurnady. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy beýleki syýasy we jemgyýetçilik işleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek barada köpugurly işler alyp barýar. Telekeçilik okuw maslahatlary, maliýe goýum taslamalary, önümçilik kärhanalaryna gezelençleri, kitap okamak bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklaryny yzgiderli geçirilip durýar. Bu gezelenç hem ýaşlar üçin köp maglumatlary öwrenmeklerine kömek etdi. Gün ulgamy, planetalar, gara deşik baradaky maglumatlary wizual ekranlarda interaktiw ýagdaýda görüp bolýar. Planetariýa otagynda bolsa ýarym şar gümmezde täze tapylan ýyldyz ulgamlary barada gysga metraž film görkezilýär. 3D kinoteatrda bolsa nätanyş planetada ulagly gezmek duýgusyny ýörite hereket edýän oturgyçlarda oturyp başdan geçirdiler.

TSTP