Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BEDEW BATLY EZIZ WATAN––ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Bedew batly eziz Watan––ösüşleriň mekany» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Eziz diýarymyzyň ertirleri aýdyň, geljegi röwşen, günleri şuglaly, aýlary nurly ýyllary bereketli bolup, beýik ösüşler bilen öňe barýar. «Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan –– bedew batly at-myradyň mekany» ýyly toýlaryň toýlara ulaşýan, ýurdumyzyň ösüşlere beslenýän ajaýyp ýyllarynyň biridir. Şeýle hem şu ýylymyz şanly toýumyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň  toýlanýan ýylydyr. Şeýle şanly ýylda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler hakynda beýan etmek buýsanjymyzy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halk bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan asuda, parahat Watanymyz hemmetaraplaýyn ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Şol geçilen menziliň her ädiminiň ýurduň, halkyň ykbalyny kesgitleýän özgertmelerden, şanly wakalardan, bitirilýän ägirt uly işlerden doludygyna ýene bir ýola göz ýetirmek bolýar. Şol ýetilen belent sepgitler, tutulan maksatlar Watanyň, halkyň ykbalyny beýgeldip barýar. Sazlaşykly ösýän türkmen döwletinde, türkmen jemgyýetinde rowaçlyga beslenen milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň batly depginlerini  äşgär görmek bolýar.

Halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlar sag bolsun, beýik işleri  üstünliklere beslensin!

TSTP