Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

DOST - DOGANLYK GATNAŞYKLARY BARHA BERKEÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly  adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde  gurnamagynda «Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde häzirki zaman dünýäsinde ýurtlaryň arasynda dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ähli döwletler öz ösüşini üpjün etmek, parahatçylygy saklamak we ykdysady taýdan ösmegi gazanmak üçin biri-biri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýarlar. Hut şu nukdaýnazardan seredilende, dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Ilki bilen, halkara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda ynamy pugtalandyrýar. Syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň giňelmegi döwletleriň arasynda düşünişmegi artdyrýar. Mysal üçin, bilelikdäki taslamalar, söwda gatnaşyklary we medeni alyş-çalyş çäreleri halklaryň arasynda dostlugy berkitmäge ýardam berýär. Dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegi häzirki döwrüň möhüm aýratynlyklarynyň biridir. Bu gatnaşyklar diňe bir döwletleriň däl eýsem halklaryň hem abadançylygyna hyzmat edýär. Şonuň üçin hem döwletleriň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk we özara hormat ýörelgeleri hemişe ileri tutulmalydyr.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly  Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP