Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

HALKARA GATNAŞYKLAR ROWAÇLANÝAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary ýylsaýyn täze derejä çykýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik halkara gatnaşyklary rowaçlanýar» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala aşyran dostluk sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berip, geljegi uly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemäge möhüm pursadyna öwrüljekdigini belläp geçdiler. 

Maslahata gatnaşyjylar dostlukly ýollarymyzy alyslara uzaldýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk arzuw etdiler!

TSTP