Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ÝAŞ NESILLERIŇ BAGTYÝAR GELJEGINIŇ KEPILI

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli «Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesilleriň bagtyýar geljeginiň kepili» atlymaslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy ynsanperwer ýörelgelere daýanýan haýyr-sahawat işleri giň gerimde durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň esaslandyrmagynda 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu ugurdaky işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagynda uly ähmiýete eýe boldy. Gaznanyň döredilen gününden bäri ýurdumyzda ýüzlerçe çaganyň saglygy dikeldildi. Şeýle hem dünýäniň döwletlerine ynsanperwerlik kömekleri berildi. Bu bolsa haýyr-sahawat işleriniň has-da giň gerime eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär diýip giňişleýin belläp geçdiler. 

Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP