Ýakynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan zehininden dörän gözellik» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler zenanlar hakynda edilýän alada bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanda zenan mertebesiniň näderejede ýokary tutulýandygyny ýurdumyzda gender syýasatynyň ýöredilmegi hem tassyklaýar. Zenanlar hakynda alada, olaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiziň üns berýän esasy meselesidir. Ajaýyp zamanamyzda zenanlaryň hormatyna bagyşlanan dabaralar owadan ýurdumyzy gurşap alýar. Şular dogrusynda edilen çykyşlar, buýsançly sözler hem-de mahmal owazly aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gyz-gelinleri üçin mähirli gutlaglar bolup ýaňlandy.
Baýramçylyk çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP