Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

ZENANLAR DURMUŞYŇ BEZEGIDIR

Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda işewür zenanlaryň arasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün türkmen gelin-gyzlary watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk ýaly milli häsiýetleri nusga edinip, halkymyzyň abraýyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýärler. Eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň barha belende galýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewiligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belentdir.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi.

Çäräniň ahyrynda gyz-gelinlere, zenanlara, mukaddes enelere hormat goýmagyň, olary sylamagyň beýik nusgasyny görkezýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP