Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ZENAN MERTEBESI WATAN BUÝSANJY

Ýakynda «Gül Zemin» söwda we dynç alyş merkezindäki «Altyn Lezzet» toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy saz-söhbede beslendi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda bolan dabara hususy ulgamda zähmet çekýän zenanlar, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasynda aýdym-sazlar ýaňlandy, milli öwüşgindäki tanslar ýerine ýetirildi. Gülden näzik gyz-gelinleriň, kümüş saçly mährem eneleriň waspy bu ýerdäki joşgunly çykyşlaryň üsti bilen ýetirildi.

Galkynyşy döwründe zenanlaryň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, bilim almagy, gurmagy, döretmegi, ýaş nesli terbiýelemegi ugrunda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň şertler dogrusynda durup geçdiler hem-de zenan mertebesini belende göteren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

TSTP