Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipeler boýunça maslahat  geçirildi

2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň  hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipeler boýunça maslahat  geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de ýaramaz endikleriň adamyň bedenine ýetirýän zyýany barada gürrüňler  edildi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurt baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamakda bimöçber işler alnyp barylýar. Il saglygyň ýurduň baýlygy bilen deňelýän döwletde ýaş nesliň ruhy kämilligini bilim-terbiýe, ylym, hünär bilen kämilleşdirmek iş olaryň beden saglygyny gorap saklamak baradaky aladalar bilen utgaşdyrylýar. Elbetde, munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, halkymyzy zyýanly endiklerden, bet pişelerden gorap saklamak meselesi esasy wezipeleriň biri bolup durýar.Duşuşygyň ahyrynda maslahat gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň asuda hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljegi hakynda yzygiderli alada edýän Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.   

TSTP