Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

IŞEWÜRLERIŇ ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GOŞANDY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Amantaý» hususy kärhanasynda  «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda işewürleriň ýurdumyzyň ösüşine goşandy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

         Duşuşykda  çykyş edenler häzirki döwürde ýurdumyzyň bazarlaryna, söwda merkezlerine barsaň, köpçüligiň zähmetsöýer telekeçilerimiziň garamagyndaky hususy kärhanalaryň öndüren azyk önümlerini, hojalyk harytlaryny uly höwes bilen satyn alýandyklaryny görmek mümkin. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň özümizde has köp öndürilmegini ýola goýmak barada berýän möhüm tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine, şonuň bilen birlikde-de, şol önümleriň ýokary hilliligi, bäsdeşlige ukyplylygy bilen ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyryp, barha uly islege eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär diýip giňişleýin beýan edildi.

         Duşuşygyň dowamynda telekeçilik ulgamynda alnyp barylýan işlere giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

TSTP