Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

SESSIZ AWTOMATIZASIÝA: NETIJELIGIŇ TÄZE TAPGYR

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Meýletinçiler merkezi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler merkezi» tarapyndan «Sessiz awtomatizasiýa: netijeligiň täze tapgyr» atly okuw sapagy guraldy. 

Onda  sanly çözgütler boýunça hünärmen Arslan Tekäýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew okuw sapagyny berdiler.  Bu seminara talyp ýaşlar we mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar  sanly tehnologiýalaryň iş proseslerini has netijeli, takyk we çalt guramaga nähili ýardam berýändigi barada maglumat aldylar. Arslan Tekäýew çykyşynda awtomatizasiýanyň diňe uly «IT» toparlarynyň ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň işi däldigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, iş prosesine  içgin düşünýän ýerli hünärmenler hem sanly ulgamlary üstünlikli ornaşdyryp bilerler. Şeýle-de ol býujetleriň jemlenmegi, myhmanlary hasaba almak, iş saparlaryny tassyklamak ýaly administratiw işleriň el bilen ýerine ýetirilmeginiň köp wagt talap edýändigini hem-de ýalňyşlyklara getirip bilýändigini nygtady.

Türkmen ýaşlaryna okamana öwrenmäne döwrebap bilim almana ähli mümkinçilikleri  döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP