Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

ÝAŞLAR – GELJEGIMIZIŇ BERK BINÝADY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde ýaşlary telekeçilige çekmek olary ykdysady bilimiň binýatlary we häzirki döwrüň bazar gatnaşyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen «Ýaşlar – geljegimiziň berk binýady» atly okuw sapagy geçirildi.

         Okuw sapagynyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça kanunçylyk binýadynyň berkidilendigi aýratyn nygtalyp geçildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň degişli maddalaryna laýyklykda, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, oba hojalygynda telekeçilik işini höweslendirmek boýunça döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler barada giňişleýin beýan edildi. 

         Oňa gatnaşyjylar şeýle görnüşdäki çäreleriň ýaşlary telekeçilige höweslendirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar we halkymyzyň bagtyýarlygy, ýaşlaryň röwşen geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar. 

TSTP