Golaýda «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir» atly duşuşyk geçirildi.
Taryhy wakalary, uly ýeňişleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent sepgitleri göwünleri galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda amal edilýän özgertmelerde rowaçlanýar. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berlip, hususyýetçiligiň kuwwatly öndüriji güýç hökmünde bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Indi türkmen telekeçileriniň ýadawsyz aladalary bilen harytlaryň bolçulygyny döretmekde ýokary netijeler gazanylýar.
Döwlet tarapyndan berilýän goldaw-ýardamyň netijesinde telekeçilerimiz bäsleşige ukyply önümleri we harytlary öndürmekde, şeýle hem harytlary daşarky bazarlara eksport etmekde uly işleri bitirýärler. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant goşýan telekeçilerimiziň uly üstünliklerine ýurdumyzyň telekeçileriniň eýeleýän belent sepgitleriniň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Bu günki günde hususy kärhanalarynda öndürilýän azyk, gurluşyk, senagat we beýleki önümlerdir harytlaryň hili ýokarlanyp, elýeterli nyrhy alyjylarda uly islegi döredýär. Telekeçilerimiziň yhlas-tagallalary bilen il-günümiziň ýokary hilli harytlara, önümlere, hyzmatlara ösýän islegini has doly kanagatlandyrmakda guwançly netijeler gazanylýar.
Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP