Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar  we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda işewürleriň ýurdumyzyň ösüşine goşandy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Işewürler ýurdumyzyň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşinde möhüm orun eýeleýärler. Olar täze kärhanalary döredip, önümçiligi giňeldýärler hem-de ilatymyza iş orunlaryny hödürleýarler. Şeýle hem işewürleriň alyp barýan işi milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine itergi berýär. Häzirki döwürde innowasion pikirler we täze tehnologiýalar bilen çykyş edýän işewürler ýurdumyzyň halkara derejesinde tanalmagyna hem uly goşant goşýarlar. Şonuň üçin işewürleri goldamak we olaryň işini höweslendirmek – ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Maslahatyň ahyrynda  oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen telekeçilerine berýän bimöçber goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP