Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Balkan welaýatynyň Ak öýünde «Bedew batly ösüşleriň mekanynda – türkmen bedewleriniň şöhraty belende galýar» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň nyşany bolan behişdi bedewlerimize hormat-sarpanyň has-da artandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hem-de Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşyň hözirini görüp, ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.
Bedewine belent sarpa goýýan türkmen halky bu günki gün ýurdumyzyň bedew badyndaky ösüşlerine goşant goşmakda agzybirlikli zähmet çekmegiň nusgasyny görkezýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda gazanylýan uly ösüşleriň depgininiň, berkarar döwletimiziň ak ýollarda öňe barýan rowana menzilleriniň bedew badyna deňelmeginiň gözbaşynda hem bedew atlara goýulýan belent hormat-sarpanyň durýandygyny bellemek gerek.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun! Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri bedew ýylynda has-da belent derejelere ýetsin!
TSTP