2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýatynyň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebinde «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýarym» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak ýylyna şeýle adyň berilmeginiň çuň many-mazmuna eýedigi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bedew batly ösüş-özgerişleriň gazanylýandygy, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleriň amala aşyrylýandygy barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Maslahatyň dowamynda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP