Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri-ýaşlara ýol –ýörelge” atly wagyz –nesihat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde türkmen halkynyň taryhy,medeniýeti,sagdyn durmuş ýörelgeleri we watansöýüjilik ruhy barada gürrüň berýän baý çeşmelerdir .Bu eserler ýaş nesilleri terbiýelemekde,milli mirasy gorap saklamakda we ösdrmekde uly ähmiýete eýedir diýip çykyş edenler bellediler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklap,olaryň ylymly biliml bolmaklary döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär.Sebäbi şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz,baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar.Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp uly üstünliklere ýetýärler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzahem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP