Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

     Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi” atly maslahat geçirildi.

     Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap  Türkmenistan –bedew batly at myradyň  mekany” ýylynda, Garaşsyzlygymyzyň  mizemezligini hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilendigini, türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň  we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde ähli ugurlarda gazanylýan beýik ýeňişleri dabaralandyrmak ,diňe bir türkmen halkynyň däl eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny halkara abraýyny artdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri ýaşlara düşündirmek, olarda milli buýsanjy kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir diýip bellediler.

     Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar  türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly  Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP