Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

    Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Ýigit” hojalyk jemgyýetinde “Okgunly hereket we halal zähmet abadançylyk ýoly” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny döretmegi, halkymyzyň köp görnüşli we ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak meselesini mydama üns merkezinde saklaýar. Dünýä ülňülerine laýyklykda kybapdaşlykda gurulýan ýaşaýyş jaýlar, azyk bolçulygy,  ähli amal edilýän işler raýatlarymyzyň durmuşynyň özgermegine gönükdirilýär. Şoňa görä-de, ýaşlary mekdep ýyllaryndan başlap arassa halal zähmet çekmäge endik etdirmek we bu endigi olaryň häsiýetine geçirmek bolsa terbiýeçili ulgamynyň  esasy wezipeleriniň biri hasaplanylýar. Çünki pederlerimiz “Baýlyk malyň köplüginde däl göwnüň doklugynda” ýaly halal ýaşamak hakyndaky nakyllaryny mysal getirmek bilen päk, arassa, halal zähmet çekip ýaşamak ýörelgeleri barada ündelýär. Halal zähmet çekmek, halal gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy baradaky aladalar bilen baglanşyklydyr. 

   Maslahat duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmen telekeçilerine berýän bimöçber goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP