Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Daşoguz welaýat maliýe ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ak ýollaryň röwşen bolsun, bedew batly şanly ýyl» atly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllar öz şygary bilen gelýär. Täze taryhy döwürde öňde goýlan ägirt uly wezipeler, tutumly maksatlar her bir ýylyň şygarynda öz beýanyny tapýar. Garaşsyz , baky Bitarap Türkmenistan üçin 2026-njy ýyl hem aýdyň maksatlar, tutumly başlangyçlar bilen badalga aldy. Şu ýyl ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy uly dabara bilen toýlanar. Bu arzyly we şanly senäni bedew batly ösüşlerdir zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrmak öňümizde duran baş maksatdyr diýip giňişleýin belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, her bir raýaty, her bir maşgalany, tutuş il-ulsumyzy toýly, buýsandyryjy wakalar bilen guwandyrmak üçin ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
TSTP