Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AK ÝOLLARYŇ RÖWŞEN BOLSUN, BEDEW BATLY ŞANLY ÝYL

    Türkmenistanyň...

  • HUSUSY PUDAK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

    Berkarar...

  • TÄZE TARYHY DÖWÜRIŇ NUSGALYK ÖSÜŞLERI-GARAŞSYZ WE BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ÝÖRELGESI ” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

     ...

  • “BEDEW BATLY, ŞAN – ŞÖHRATLY DIÝARYM” ATLY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Türkme...

  • “BEDEW BATLY ÖSÜŞLER – GÜLLER AÇSYN DIÝARDA” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI.

    Türkme...

TÄZE TARYHY DÖWÜRIŇ NUSGALYK ÖSÜŞLERI-GARAŞSYZ WE BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ÝÖRELGESI ” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

   Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde gurnamagynda “ Täze taryhy döwüriň nusgalyk ösüşleri-Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň baş ýörelgesi ” atly maslahat geçirildi.

   Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň ähli babatda bedew bady bilen ösýändigi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan her bir başlangyjynyň ilkinji nobatda halkymyzyň sagdyn hem asuda, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin gönükdirilendigine biziň her birimiz gözli şaýady bolýas diýip bellediler.

   “ Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany ” ýylynda hem bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan ýurdumyzyň halkara abraýy mundan beýläkde has-da beýgeljekdigine, öňümizde goýan bütin adamzat bähbitli maksatlarymyza ýetjekdigimize berk ynanýarys diýip çykyşlarda bellenildi.

   Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmen halkynyň parahat hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP