Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda “Hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli beýik işler dabaralanýar” atly wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri netijesinde eziz Diýarymyzda uly ösüşler, öňegidişikler gazanylýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda ösdürmek babatda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleri mydama üns merkezinde saklaýar. Garaşsyz hemişelik Türkmenistan döwletimiziň geljegi bolan bilimli, ylymly, terbiýeli, edepli şahsyýetleriň, ussat hünärmenleriň ösdürip ýetişdirilmegi üçin ylym-bilim ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaş nesiller orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem dünýäniň ençeme ýurtlarynda öz saýlap alan hünärleri boýunça döwrebap bilim alýarlar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamy yzgiderli kämilleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde halkymyzyň ýagty geljegine ynamyny berkidip, ruhyny has-da belende galdyrýar.
Türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Dünýäniň abadançylygynyň, halklaryň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmeniň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP