Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Bedew batly ösüşleriň ýurdy – Türkmenistan” atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň şan şöhraty meşhurlygy barha dabaralanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ahalteke atlaryna goýulýan sarpa bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.
Şeýle-hem bellenilişi ýaly, köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar. Täze taryhy döwrümizde gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewleri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň nyşanyna öwrüldi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ähli babatda bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP