Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • “BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝURDY – TÜRKMENISTAN” ATLY MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

    Şu gün...

  • «TÜRKMENISTAN- DÖWREBAPLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ DIÝARY»

    2026-njy...

  • “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” DIÝIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI.

    2026-njy...

  • “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

    Şu gün...

  • «GAHRYMAN ARKADAGLY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝURTDA - HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER ROWAÇLANÝAR» atly maslahaty geçirildi.

    Maslahatda...

«TÜRKMENISTAN- DÖWREBAPLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ DIÝARY»

2026-njy ýylyň 08-nji  ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistan- döwrebaplygyň we ösüşiň diýary » atly maslahat geçirildi.

   Biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz, ajaýyp zamanamyz jemgyýetde her bir adamyň öz mynasyp ornuny tapmagy, ygtybarly geljegimizi üpjün etmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Mähriban halkymyzyň erk-isleginden badalga alan ýylymyzyň şygary hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, taýsyz tagallalarynyň bedew bady bilen barha rowaç aljakdygyny şertlendirýär.

   Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giň gerim alýan beýik özgertmeleriň üstünlikli dowam edýändigini, şanly ýylymyzyň şygarynyň bolsa gazanyljak üstünlikleriň dowamat dowam bolup, ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkara abraýynyň bedew bady bilen barha belende göteriljekdigine bolan ynamy berkidýändigi barada giňişleýin belläp geçdiler.

    Maslahatyň ahyrynda  halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak  bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. 

TSTP