Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” atly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň şan-şöhraty, meşhurlygy barha dabaralanýar. 2026-njy ýylyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran taryhy waka boldy. Bu şygarda Garaşsyzlygyň mizemez binýady, baky Bitaraplygyň dünýä derejesindäki abraýy hem-de türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän beýik arzuw-myratlary jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda edilýän tagallalar has-da buýsandyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» döwrebap şygar ýurdumyzyň telekeçilerini hem has tutanýerli we yhlasly zähmet çekmäge, bedew batly ösüşleriň nurana ýolundan barha öňe barýan Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermäge ruhlandyrýar.
Türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Watanymyz, halkymyz üçin rysgally, bereketli, düşümli ýyllaryň biri bolsun! Dünýäniň abadançylygynyň, halklaryň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmeniň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP