Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Watan gahrymanlary bakydyr

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurnamagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 76 ýyllygy mynasybetli “Watan gahrymanlary bakydyr” atly dabaraly çäre geçirildi.

Çärä hormatly weteranlar Galina Alekseýewna we Aleksandr Dmitriý Aleksandrowiç myhmançylykda boldular. Weteranlar öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa urşa gatnaşyjylar we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary hakynda yzygiderli aladasy, asylly ylalaşdyryjylyk işi we häzir ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Weteranlar uruş ýyllarynyň agyr günlerini, ene topraga bolan çäksiz söýginiň agyr synaglara döz gelmekde we adamzadyň taryhynda gandöküşikli uruşda ýeňiş gazanmaga ýardam edendigini ýatladylar.

TSTP