Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

  • “TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYGY – DÖWRÜŇ BAGTYÝARLYGY” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

    2025-n...

  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

    2025-n...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY”

    2025-nji...

  • «ŞATLYK GETIR TÄZE ÝYL, BU BAGTYÝAR ILIME»

    2025-nji...

«KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

Ösüşiň täze menzillerini gujagyna alyp gelýän ýene-de bir ösüşli ýylyň şanyna baýram edilýän  Täze ýyl dabaralarynyň şüweleňi uludan-kiçä baýramçylyk ruhubelentligini bagyş edýär. Şu mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki bezemen arçalaryň, ajaýyp bezegleriň , özboluşly şekilleriň älemgoşar öwüşginleri halkymyzyň baýramçylyk joşgunyny goşalandyrýar. Täze-2026-njy ýyla türkmen telekeçileri  özleriniň ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen geldiler.   Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Gülzemin” söwda we dynç alyş  mekeziniň “Altyn” toý mekanynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarada bu baradaky çykyşlara giň orun berildi.  Bu baýramçylyk dabarasynda partiýa agzalarymyzyň dürli ugurlarda üstünlikli iş alyp barýan  kärhanalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. 

Bu dabaraly çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Köňüllerde Täze ýylyň joşguny» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

TSTP