Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

“HOŞ GELDIŇ ILIME, SALAM, TÄZE ÝYL!”

2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Arkadag şäheriniň “Märkaw” toý mekanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Hoş geldiň ilime, salam, täze ýyl!” atly aýdym sazly dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda çykyş edenler 2025-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda belläp geçdiler şeýle-de ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara toýdyr baýramlara beslenýär. Bu bolsa halkymyzyň asuda, abadan bol elin bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem -de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz zähmetleriniň netijesidigini aýdyň görkezýär. Dabaraly çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň şeýle de mediniýet sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe baýramçylyk aýdym sazlary ýaňlandyryldy. Çärä gatnaşyjylaryň ählisi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem -de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza mundan beýläkde il ýurt bähbitli tutmly işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  

TSTP