Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk parahatçylygyň binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ynsanperwer we demokratik ýörelgelere eýerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen, durmuş ykdysady taýdan ähmiýetli strategik wezipeleri üstünlikli çözýändigini ynamly aýtmak bolar. Ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşler, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýy munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.Hemişelik Bitaraplygymyz munuň özi jemgyýetde durnuklylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň, şol sanda dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasatymyzda esasy ýol görkeziji bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Garaşsyz we baky Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik gelejegimiz üçin gijesini gündiz edip işleýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
TSTP