Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

“Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2021-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň kiçi mejlisler jaýynda gözel Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda milli Liderimiziň bize peşgeş beren “Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Arkadag Prezidentimize mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuwladylar. Täze kitaby eliňe alanyňda onuň sahypalaryny agdaryp, paýtagtymyzyň gözel görnüşlerini synlap, ony okamak, kitap bilen ýakyndan tanyşmak höwesi döreýär. Täze kitabyň ajaýyp mazmuny, bezelişi, çaphana işleriniň hem ýokary derejede ýerine ýetirilmegi onuň täsirliligini artdyrýar. Bu kitapda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza söýgüsiniň beýan edilendigini aýratyn bellenildi. Owadan Aşgabat şäherimiz barada her birimiziň ýüregimizden çykýan “Arkadagymyzyň ak şäheri” diýen jümläniň  döremegi ýöne ýerden däldir. Arkadag Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, durmuş we hyzmatlar ulgamy soňky ýyllarda has özgerdi. Şularyň ählisi hem ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde mümkin bolýar. Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ösdürilmegi tapgyrma-tapgyr üstünlikli amala aşyrylýandygy buýsanç bilen bellediler.

Paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat”  atly kitabyny peşgeş bereni üçin dabara gatnaşyjylar Milli Liderimize uzak ömür, jan saglyk, döredijilik äleminde uly rowaçlyklary arzuw etdiler!

TSTP