Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Saýat etrap häkimliginiň, syýasy partiýalaryň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda, Saýat etrabynyň merkezinde ýerleşýän «Balsaýat» toý mekanynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Bitaraplyk baýramy – parahatlyk aýdymy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresinde etrabyň Medeniýet bölüminiň aýdym-saz we tans toparlary özleriniň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary we gutlag sözleri, parahat Watanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler. 

Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar  şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar. 

TSTP